TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynda döwrebap dükanlaryň 10-sy gurlar

Lebap welaýatynyň etraplarynda döwrebap dükanlaryň 10-sy gurlar. Olaryň gurluşugy Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Lebap welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşigi tarapyndan meýilleşdirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Lebap welaýatynda geçirilen giňişleýin göçme mejlisinde habar berildi.
2021-nji ýylda Türkmenabat şäherindäki Merkezi bazaryň durkuny täzelemek, şeýle hem Çärjew, Dänew, Saýat we Farap etraplarynyň merkezlerinde ýerleşýän iri dükanlaryň durkuny täzelemek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, Türkmenabat şäheriniň senagat zolagynda ýerleşýän önümçilik binalarynyň durkuny täzelemek hem-de döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak, unaş öndürýän we gök-miwe gaplamalaryny öndürýän önümçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply