TÜRKMENISTAN HABARLARY

Şu gün «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2021» atly ХХVI Halkara maslahaty işine başlaýar

Şu gün Aşgabat şäherinde ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2021» atly ХХVI Halkara maslahaty öz işine başlar, diýip «Türkmenistan.Altyn asyr» saýty ýazýar.

Türkmenistanyň dünýäniň nebit-gaz kompaniýalary bilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen şeýle maslahat her ýyl geçirilýär.

Bu gezekki forumy «Gaffney Cline» Britan kompaniýasynyň goldamagynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmengeologiýa» döwlet konsernleri guradylar.

«Dragon Oil» kompaniýasynyň şahamçasy «Emirates National Oil Company» (ENOC)” maslahatyň hemişeki hemaýatkärleridir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: