JEMGYÝET

Lebaply suratkeşler çeperçilik simpoziumyna gatnaşdylar

Üstümizdäki aýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Mary, Lebap welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň suratkeşleriniň gatnaşmaklarynda «Döwlet guşy» atly döredijilik simpoziumy geçirildi.

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde simpoziuma gatnaşyjylaryň täze döreden eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Suratkeşleriň eserlerinde gojaman Amyderýanyň bahar paslyndaky owadan görnüşleri, türkmen tebigatynyň gözellikleri uly orny eýeleýär.

Ilkinji gezek suratkeşleriň arasynda guralan şeýle serginiň çäginde Hezret Amangeldiýewiň, Perhat Işangulyýewiň, Şagylyç Ataýewiň, Wepa Gurdowyň, Myrat Gurbangeldiýewiň, Suraý Akmyradowanyň, Aýna Nuryýewanyň, Myrat Baltaýewiň, Hemra Allaşükürowyň, Rustam Abdyllaýewiň, Hamida Nabiýewanyň, Ahmet Hallyýewiň, Şemşat Saparowanyň döreden etýudlary we peýzaž eserleri görkezildi. Bu çäre suratkeşleriň arasynda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrdy.

Soňra simpoziuma we sergä işjeň gatnaşan suratkeşlere Hormat hatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: