JEMGYÝET

Kärdeşler arkalaşygynyň işjeňligi artýar

«Türkmen gündogary» gazetiniň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Saýat etrap geňeşi sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak maksady bilen etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde orta mekdeplerde we çagalar baglarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirýär. Olara işjeň gatnaşýanlara Hormat hatlaryny we ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar.
Makalada: «Ýylyň dowamynda ilkinji guramalarda şular ýaly çäreleri yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa etrap geňeşiniň hünärmenleri bilen bir hatarda beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, edaralaryň we kärhanalaryň wekilleri, kärdeşler arkalaşygynyň işjeňleri hem giňden çekilýär. Bulardan başga-da, bilim işgärleriniň iş şertlerini gowulandyrmak, zähmetini goramak we zähmete bolan hukuklarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek boýunça işleri hem dowam etdirýäris. Şonuň ýaly-da agzalaryň we olaryň çagalarynyň dynç alşyny guramak hem göz öňünde tutulýar» diýlip ýazylýar.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply