JEMGYÝET

Türkmenistanly hususy kolleksioner näbelli haýwanyň aşygyny görkezdi

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň ýaşaýjysy, hususy kolleksioner Batyr Abdyllaýew näbelli haýwanyň (dinozawryňky bolmagy mümkin) äpet aşygyny görkezdi.

Ony geçen asyryň ellinji ýyllarynda sürüji bolup işlän, uruş we zähmet weterany, dänewli sürüji Sultan Seýitmyardow Köýtendagdan tapan eken. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde millionlarça ýyl ozal dinozawrlar ýaşap geçipdir. Bu ýerdäki eňňitleriň käbirlerinde olaryň yzlary şu günlere çenli saklanyp galypdyr. Batyr Abdyllaewiň täsin zatlary ýygnaýandygyny eşiden weteran bu süňki oňa sowgat beripdir. Ol ony gözüniň göreji ýaly gorap saklaýar.

Ol ony öýünde özüniň eksponatlarynyň görkezilişini guranda, çykardy. Görkezilişe köp etraplardan gelen dürli ýaşly adamlar gatnaşdylar. Olar durmuşda ulanylan zatlar, zähmet gurallary we beýleki predmetler bilen tanyşdylar. Olaryň bir bölegini Batyryň özi ýygnapdyr, käbirlerini beýleki adamlar sowgat beripdirler.

Batyr Abdyllaýew pyýada we welosipedli syýahat edýän adam hökmünde meşhurlyga eýe. Ol hemmesini jemlände, on müň kilometr töweregi pyýadalap geçdi. Syýahat döwründe täsin zatlary toplady we tebigatyň gözel ýerlerini hem-de ýadygärlikleri surata düşürdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: