BILIM

Lebaply okuwçylar dil bäsleşigine gatnaşdylar

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 9 ― 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda iňlis dili dersi boýunça bäsleşik geçirildi.

Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, birinji tapgyry 8-nji fewralda onlaýn usulda geçirilip, onda mekdep okuwçylarynyň iňlis dilinde düzme ýazmak boýunça başarnyklary barlanyldy. Oňa Türkmenistanyň orta mekdeplerinde bilim alýan 9 ― 11-nji synp okuwçylaryň 2382-si gatnaşyp, şolaryň 25-si bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şolaryň üçüsi Lebap welaýatynda bilim alýan okuwçylardyr.

Has takygy, Aşgabat şäherinde ― institutyň özünde geçirilen jemleýji tapgyra Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçylary Gülnabat Mämedowa, Jennet Myradowa bilen bilelikde Saýat etrabyndaky 43-nji orta mekdebiň okuwçysy Ajap Joraýewa hem gatnaşdy.

Bäsleşigiň döwlet tapgyrynda oňa gatnaşyjylardan iňlis dilinde barlagnama işlemek talap edildi. Şunda biziň welaýatymyzyň okuwçylarynyň üçüsi hem üstünlikli çykyş edip, ilkinji 10-luga girmegi başardylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: