SPORT WE SYÝAHAT

Agrar partiýanyň welaýat komiteti woleýbol ýaryşyny geçirmäge gatnaşdy

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti welaýat merkezindäki 10-njy sport mekdebi bilen bilelikde 2008 ― 2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda woleýbol boýunça welaýatymyzyň birinjiligini geçirmäge gatnaşdy. Oňa welaýatymyzyň ähli etraplaryndan we Türkmenabat şäherinden toparlar gatnaşdylar.

Welaýat birinjiliginiň Halkara woleýbol federasiýasynyň düzgünleri boýunça geçirilendigini aýratyn nygtamak gerek. Sportuň bu görnüşine göwün beren ýetginjek oglanlaryň 123-sini we gyzlaryň 76-syny ýygnan birinjilikde Çärjew etrabyndan gelen woleýbolçylara taý tapylmady. Olar hem oglanlaryň, hem gyzlaryň arasyndaky ýaryşda hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdylar.

Oglanlaryň ýaryşynda ikinji orny Türkmenabat şäherindäki 9-njy, üçünji orny bolsa 10-njy sport mekdepleriniň türgenleri eýelediler. Ýer eýeleri ― welaýat merkezindäki 10-njy sport mekdebiniň wekilleri gyzlaryň arasyndaky ýaryşda ikinji ornuň eýesi boldular. Öňdebaryjylaryň üçlügini Köýtendag etrabyndan gelen gyzlar jemlediler.

Birinjiligiň ýeňijilerine Hormat hatlary we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: