YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň ähli etraplarynda şaly ýetişdiriler

Şu ýyl ýene-de Lebap welaýatynyň ähli etraplarynda şaly hasyly ýetişdiriler. Türkmenistanyň Prezidenti bu barada degişli Karara geçen hepdäniň şenbe güni gol çekdi.

Resmi gazetde Kararyň «Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmek maksady bilen» gelnendigi ýazylýar.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Darganata, Dänew, Çärjew, Saýat, Halaç, Hojambaz, Kerki, Köýtendag etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: