BILIM

Seýdidäki hünär-tehniki okuw mekdebi 14 hünär boýunça okuwlara çagyrýar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 15-nji hünär-tehniki okuw mekdebi ýaşlary hünärleriň 14-si boýunça 2023 — 2024-nji okuw ýylynda okamaga çagyrýar.

«Türkmen gündogary» gazetinde çap edilen bildirişde görkezilişi ýaly, hödürlenilýän hünärleriň arasynda nebiti we gazy ýygnaýjy hem-de akdyrmaga taýýarlaýjy operator, barlag-ölçeg enjamlaryny we awtomatikany sazlaýjy, tehnologiki sorujylaryň we kompressorlaryň maşinisti, himiki derňewiň laboranty, elektromontýor, nebit-himiýa önümçiliginiň operatory, buhgalterçilik işi, resminama dolanyşygy, informasiýa we guramaçylyk işi, nebiti gaýtadan işlemegiň operatory, buhgalter-kassir, nebiti we gazy gaýtadan işleýän tehnologiki gurluşlaryň operatory, kompýuteriň operatory, aşpez we elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji hünärleri bar.

Hünär-tehniki okuw mekdebinde okaýanlar tölegli umumy ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilýär.

Doly maglumat üçin: Dänew etraby, Seýdi şäheri, Türkmenbaşy şaýolunyň 2-nji jaýy. Telefon belgileri: 800446 7-14-23; 7-15-96; 7-23-66.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: