Lebaply mekdep mugallymlarynyň 30-sy golaýda paýtagtymyzdaky Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binýadynda TESOL maksatnamasynyň çäginde guralan ylmy-amaly maslahata gatnaşdy.
Bu çäräni Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýurdumyzdaky ilçihanasy bilelikde guradylar. Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde, dil öwrediş merkezlerinde iňlis dili dersini okatmagy kämilleşdirmek, okuw işinde öňdebaryjy usullardan, ösen tehnologiýalardan netijeli peýdalanmak boýunça öňde durýan wezipeler maslahatda garalan meseleleriň esasy özenini düzdi. Usuly-amaly maslahata amerikaly alymlaryň 6-sy gatnaşyp, iňlis diliniň öwredilişini kämilleşdirmek boýunça nutuklar bilen çykyş etdiler. Dünýä döwletleriniň arasynda medeni-ykdysady hyzmatdaşlyklaryň barha rowaçlanýan häzirki döwründe dil öwrenmegiň wajypdygy çykyşlarda nygtaldy. Bäş günläp dowam eden maslahata gatnaşyjylara degişli sertifikatlar gowşuryldy.