BILIM

Türkmenabatly ýaşlar dil bäsleşiginde ýeňiji boldular

Türkmenabat şäherindäki gysga möhletli okuwlaryň diňleýjileri daşary ýurt dilleri boýunça ýurt derejesinde yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri boldular. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Döwletmämet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirildi. Oňa iňlis we rus dilleriniň hersi boýunça 64 diňleýji gatnaşdy. Ol üç ýaş derejesinde 12-13, 14-15 we 16-18 ýaşly diňleýjileriň arasynda geçirildi.

Oňa «Kämil bilim», «Gujurly bilim», «Zehin ýoly», «Dana» bilim merkezi, «Päk nesil» bilim merkezi, «Telekeçiler» bilim merkezi, «Diller dünýäsi», «Bilim ýoly» ýaly okuw merkezleriň diňleýjileriniň gatnaşdylar. 12-13 ýaşly diňleýjileriň arasynda iňlis dili boýunça «Zehin ýoly» okuw merkeziniň Türkmenabat şahamçasynyň diňleýjisi Döwlet Rozyýewe taý tapylmady. Şu ýaş derejesinde şu merkeziň diňleýjileri Gunça Şageldiýewa bilen Hajymyrat Ýagşyýew ikinji orna mynasyp boldy.

14-15 ýaşlylaryň arasynda rus dili boýunça geçirilen ýaryşda hem şu okuw merkeziniň Türkmenabat şahamçasynyň diňleýjisi Wepa Myradow, iňlis dilinde Annamyrat Akyýew ýeňiji boldy.

Şol merkeziň Türkmenabat şahamçasynyň diňleýjisi Daýanç Ýangiýew 16-18 ýaşlylaryň arasynda iňlis dili boýunça geçirilen ýaryşda hemmelerden üstün çykly. Rus dili boýunça geçirilen ýaryşda bolsa ýene şu şahamçadan Firuza Matkarimowa hormat münberiniň birinji basgançagyna çykdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: