YKDYSADYÝET

Lebaply hususyýetçileriň senagat önümlerindäki eksporty 1,5 million dollardan geçdi

Şu ýylyň başyndan bäri Lebap welaýatynyň hususy kärhanalaryndan eksporta ugradylan harytlaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 million 577 müň dollaryndan geçdi. Eksporta ugradylan önümleriň agramly bölegi «Mizemez gadam», «Türkmen ojagy», «Altyn bürgüt» hususy kärhanalaryna degişlidir.

Welaýatda baý iş tejribelerini toplan «STT», «Nurseýit», «Halypa ýoly», «Bereketli zaman», «Jemşidiň jamy», «Ykjam gural», «Ynamly eller», «Geljege rowan», «Egsilmez umyt çeşmesi» ýaly ýaşlaryň köp zähmet çekýän hususy kärhanalary bolsa daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan gurluşyk harytlarynyň bolçulygyny döretmekde has tapawutlanýarlar.

Täze ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýaş hünärmenler barha köp gatnaşýarlar. Ylmyň we tehnikanyň, innowasion tehnologiýalaryň güýçli depginde ösýän zamanasynda ýaşlar özlerine bildirilýän ynamy ödemegi başarýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: