YKDYSADYÝET

«Agromaş Stawropolskiý» kompaniýasynyň täze önümi

Russiýa Federasiýasynyň Stawropol ülkesindäki «Agromaş Stawropolskiý» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «STW-107/1» ekin ekiji täze enjamyň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada «Bereketli toprak» gazeti şeýle ýazýar: 

Şugundyr ekmäge niýetlenen bu täze enjam şeker we iýmlik şugundyrlaryň ähli görnüşlerini ekmäge niýetlenendir. Onuň uzynlygy 5,4 metre deň. Täze enjamyň 12 sany tohum guýujy gutusy bolup, olar biri-biri bilen 45 santimetr aralykda ýerleşýär. Şeýle-de, olaryň her birine 14,5 kilogram tohum ýerleşdirip bolýar. Bu ekin ekiji enjamyň umumy agramy 1300 kilograma deň we onuň sagatda 2,2 gektardan 3,2 gektara çenli tohum ekmäge mümkinçiligi bar.

Kärhananyň önümçilige goýberen ýene-de bir ekin ekiji enjamy «STWK-16» diýlip atlandyrylýar. Mekgejöwen ekmäge niýetlenen bu enjamyň 11,2 metr aralykda ekin ekmäge mümkinçiligi bar. Ondaky 16 sany tohum guýujynyň aralygy 70 santimetre deň bolup, ol tohumlary 4 – 8 santimetr çuňluga ekmäge ukyply. Täze enjamyň umumy agramy 2500 kilograma barabar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: