Täze kärhana ulanylmaga berildi

Mary etrabynyň çäginde «Datly şerbet» hususy kärhanasynyň konditer önümlerini we kartondan dürli görnüşdäki we ölçeglerdäki gutulary öndürýän täze önümhanalary ulanylmaga berildi. Ony «Täze aý önümleri» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary gurdular.

Şokolad örtükli süýjüleri öndürýän kärhananyň ýyllyk kuwwaty 15 tonna barabardyr. Kärhanada süýt, gaýmak, gatyk, et, süýji we konditer önümlerini, buzgaýmak, şonuň ýaly-da ýarym taýýar somsa, börek, manty öndürýärler. Täze önümhananyň işe girizilmegi bilen olar indi özünde öndürilen gaplara gaplanylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector