Halaçda gowaça ekişi kadaly dowam edýär
Halaç etrabynda gowaça ekişi gyzgalaňly dowam edýär. Etrapda şu ýyl 10 müň 230 gektar meýdanda gowaça ekmek göz öňünde tutulýar. Şonça meýdandan 30 müň 420 tonna «ak altyny» ýygnap almak meýilleşdirildi.
Her ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem ekmek üçin ýokary hasyl berijiligi bilen tapawutlanýan we ýerli howa-toprak şertlerine laýyk gelýän gowaçanyň «Ýolöten-39» we «S-2606» görnüşleri saýlanylyp alyndy.
Ekişde takyk ekijilerden hem netijeli peýdalanylýar. Etrapda olaryň bäşisi işledilýär. Bu bolsa, bir tarapdan, kärendeçä ep-esli tohumy tygşytlamaga ýardam edýär, beýleki tarapdan bolsa, gowaçalaryň hatar aralaryny ýekelemekden boşadýar.
Şu günler daýhan birleşikleriniň dokuzysynda gowaça ekişi güýçli depginde alnyp barylýar. Ekişde Jumaguly Mähremow we Magtymguly adyndaky daýhan birleşikleriniň öňde barýandyklaryny habar berdiler. Bu hojalyklarda degişlilikde 1 380 we 1 223 gektar meýdanda ekiş geçirmek wezipesi durýar. Ekiş geçirýän mehanizatorlar özlerine ynanylan tehnikalardan netijeli peýdalanýarlar.