YKDYSADYÝET

Üç etrap şaly borçnamasyny amal etdi

Lebap welaýatynda üç etrabyň şalyçylary Watan harmanyna şaly hasylyny tabşyrmak baradaky borçnamasyny amal etdiler. Bu barada welaýat neşiri habar berýär.

Neşirde Hasyl toýuna bagyşlanyp ýazylan makalada nygtalyşy ýaly, Köýtendag, Kerki we Darganata etraplarynyň şalyçylary sebitde ilkinji bolup arzyly pellehana geldiler. Welaýatyň beýleki etraplary hem şertnamalaýyn borçnamasyny üstünlikli amal etmegiň bosagasynda durlar.

Şu ýyl gündogar sebit boýunça 10 müň 200 gektar ýerden 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almak meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: