MEDENIÝET

Lebaply artistler «Türkmen teatr sungaty» atly festiwala gatnaşarlar

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary «Türkmen teatr sungaty» atly teatr festiwalyna gatnaşmak üçin Aşgabada ugrady. Teatryň artistleri onda režissýor Perhat Hudaýberenowyň goýan  «Mertler Watany beýgeldýär» spektaklyny görkezerler. Pýesany ol Gaýyp Jumaýew bilen bilelikde ýazdy. Pýesa Gahryman Arkadagymyzyň ady bir kitabynyň esasynda goýulýar. Onda Watan, her bir adamyň watançylyk borjy ýaly mukaddes duýgular barada gürrüň gidýär. Edermenlik, Watana bolan çäksiz söýgi, howp abanan wagty zenanlaryň mertligi wasp edilýär.

Baş rollarda Türkmenistanyň halk artisti Babageldi Rejepow (Salyr Gazan), Türkmenistanyň halk artistkasy Akjagül Suhanowa (ene), Döwlet Hojanazarow (Bekel), Gülşat Amandurdyýewa (onuň aýaly Görkli Hatyn), onuň dublýory Gülälek Şaýmerdanowa, Şöhrat Illiýew (Ymran), Umida Hamraýewa (Gülçeçek), onuň dublýory Aýna Rozyýewa we beýlekiler oýnaýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: