MEDENIÝET

Garagum etrabyndaky muzeýde eksponatlaryň sany ilatyň tabşyrýanlarynyň hasabyna köpelýär

Garagum etrabynyň medeniýet öýünde şu ýyl döredilen döredilen taryhy muzeýde muzeýdäki milli gymmatlyklaryň sany 1500-den hem geçýär.

Etrabyň ýaşaýjylary, şeýle-de  Mary welaýatyň dürli sebitlerinde ýaşaýan raýatlar dürli döwürlere degişli küýzeleri, keramiki önümleri, gap-gaçlary, nepis türkmen halylarynyň gadymdan galan nusgalaryny hem-de gaýry gymmatlyklary muzeýe getirip tabşyrýarlar. Etrabyň Ak meýdan geňeşliginde ýerleşýän 16-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Utamyş Ataýew bu muzeýe 35 sany küýze we başga-da birnäçe gadymy gymmatlyklary tabşyrypdyr. 1888-nji ýylda doglan, entek gulpaklyja gyzjagaz wagty haly dokamagy öwrenen Ogulnäzik Muhyýewanyň dokan halysynyň bir bölegi hem muzeýiň görnükli ýerinde ýerleşdirilipdir. Bu gadymy haly bölegi gölüniň aýratynlygy bilen tapawutlanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: