BIZE YAZYARLAR

Tebigat — umumy öýümiz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigaty goramak, gözelleşdirmek Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda möhüm başlangyçlaryň başyny başlaýjy we durmuşa geçiriji ýurt hökmünde çykyş edip, tebigata aýawly çemeleşmek meselesi ýurdumyzda kabul edilýän kanunçylyk namalary bilen hem berkidýär. Häzirki wagtda ýurdumyzy ekologiýa taýdan arassa, bagy-bossanly, gülläp ösýän ýurda öwürmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň hemme ýerlerinde saýaly, pürli we miweli baglary, üzüm nahallaryny oturtmak, şeýle-de seýilgäh zolaklarynda gülleri we bezeg agaçlaryny ekmek işleri barha giň gerim alýar.

Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasaty ýurdumyzyň daşky gurşawyny, ösümlik dünýäsini gorap saklamak ýaly ugurlara gönükdirilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen her ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň  millionlarça düýbi oturdylýar.

Türkmen tebigatynyň gözelliklerini aýawly saklap, ony geljek nesillere öz asylky görnüşinde hem-de, has baýlaşdyryp ýetirmek üçin, hemmämiziň umumy öýümiz bolan tebigaty goramakda köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak, gülçüligi ösdürmek, bezeg agaçlarynyň täze görnüşlerini köpeltmek, dermanlyk ösümlikleriň häsiýetli aýratynlyklaryny öwrenip, olar üçin howpsuz ekologik şertleri döretmek ýaly meselelere ähmiýet berilýär.

Klimatyň üýtgemeginiň öňüni almakda, daşky gurşawyň-howanyň arassalygyny gorap saklamakda baglaryň ähmiýeti juda uludyr. Sebäbi agaçlar howanyň düzüminde bar bolan köp mukdardaky kömürturşy gazyny özüne siňdirip, adamzat ýaşaýşy üçin möhüm bolan kislorody bölüp çykarýarlar. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda her ýylyň ýaz hem güýz möwsümlerinde bag nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk ýowarlarynyň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Soňky ýyllarda bag nahallaryny diňe bir suwarymly ýerlerde däl, eýsem çöl şertlerinde, kölleriň, derýalaryň boýlarynda, dag eteklerinde ýetişdirmek boýunça-da uly işler durmuşa geçirilýär.

 Nurgeldi Atajanow,

Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň buhgalterçilik hasaba alnyşy hünäriniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: