MEDENIÝET

Türkmenistanda Täjigistanyň medeniýet günleri geçirilýär

Täjigistanyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň çäklerinde şekillendiriş sungaty muzeýinde «Häzirki zaman Täjigistan» atly surat sergidi açyldy. «Owadan geýimler atly moda eşikleriniň sergisi hem oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Şonuň ýaly-da, bu ýerde Täjigistan Respublikasynyň häzirki zaman nakgaşlarynyň, halk senetçiliginiň ussatlarynyň işleri hem goýlupdyr.

Gelýänleriň ünsüni Täjigistandan getirilen tebigy reňkli gymmat bahaly daşlar, saz gurallary, zikgelenen, agaç we keramiki önümler, milli başgaplar, elde ýasalan sowgatlyk önümler goýlupdyr. Şeýle hem, pagtadan we ýüpekden elde oňarylan ýeňil ýapynjalar, başgaplar, halatlar, saçaklar, dürli ölçegdäki sumkalar, stilleşdirilen arça bezegleri hem görkezilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: