TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellediler

Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda bellediler. Öňden gelýän däbe görä, baýramçylyk dabaralara Türkmenabat şäheriniň Baş Baýdak meýdançasynda badalga berildi.

Türkmenistanyň Döwlet Senasynyň ýaňlanmagy bilen Döwlet Baýdagy galdyryldy. Soňra dabarada çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda, şol sanda welaýatda amala aşyrylan özgertmeler barada durup geçdiler. 30 ýylyň dowamynda amala aşyrylan işler bolsa barmak büküp sanardan kän. Gysga döwürde günorta-gündogar sebiti ýurduň ösen senagat merkezleriniň birine öwrüldi. Täze senagat kärhanalarynyň ençemesi işe girizildi. Köýtendagyň tebigy baýlyklaryny, pagtany gaýtadan işleýän kärhanalar guruldy, häzirki zaman dokma senagaty döredildi, üç sany elektrik bekedi ulanylmaga tabşyryldy. Türkmenabat şäherinden Kerkä, ondan aňry Ymamnazara — Owganystan bilen araçäkdäki gözegçilik-geçiriş nokadyna çenli demir ýol çekildi, Amyderýanyň üstünden iki demir ýol, üç awtomobil köprüsi, Türkmenabat we Kerki şäherlerinde  halkara howa menzilleri guruldy. Iki sany täze şäherçe, bir sany nusgalyk oba emele geldi. Bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda uly ösüşler, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda uly özgertmeler bolup geçdi. Türkmenabat şäheri tanalmaz derejede özgerdi.

Soňra sungat işgärleriniň şanly senä bagyşlap taýýarlan konserti boldy.

Agşam Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan konsert bolar. Welaýat merkeziniň ýaşaýjylary we myhmanlary şanly senäniň şanyna baýramçylyk feýerwerkine tomaşa edip bilerler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: