Arheologlar Eýranda Sasanidleriň döwrüniň petrogliflerini tapdylar
Eýranyň Markazi welaýatynyň Mahallat okrugynda agtaryş işlerini geçiren arheologiki missiýa ullakan gaýanyň ýüzünde çekilen petroglifleri (daşyň ýüzüne reňk bilen ýa-da gyrylyp edilen ýazgylary ýa-da şekilleri) tapdylar. Bu barada «Российская газета» habar berýär.
Alymlar jemi 30 sany gaýa grawýuralaryny tapypdyrlar.
Arheologlaryň aýtmaklaryna görä, gaýanyň äpet böleginde gadymy nakgaşlar adamlaryň we haýwanlaryň (antilopalar köp duş gelýär) şekillerini çekipdirler. Başlangyç seljermeler petroglifleriň Sasanidleriň höküm süren döwrüne (biziň eramyzyň 224—651-nji ýyllary) degişlidigini görkezýär.
Suratlaryň motiwleri we nagyşlarynyň görnüşleri olary taýýarlamak üçin kremniý we demir, şonuň ýaly-da haýwanlaryň örän berk we giň süňkleriniň ulanylandygy görkezýär. Suratlaryň takyk ýaşyny indi anyklamaly.