TÜRKMENISTAN HABARLARY

Ders bäsleşikleriniň şäher we etrap tapgyrlary geçirildi

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde we etraplarynda mekdep okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleriniň şäher we etrap tapgyrlary geçirildi. Ol bu gezek hem, öňki ýyllarda bolşy ýaly, «Altyn asyryň altyn zehinleri» ady bilen guraldy. Bäsleşiklere 9-njy, 10-njy we 11-nji synp okuwçylarynyň mekdeplerde geçirilen ders bäsleşikleriniň ýeňijileri gatnaşdylar.
Bäsleşikler mugallymlaryň çeken zähmetiniň we okuwçylaryň okan ýyllary alan biliminiň özboluşly barlagy boldy. Işleriň netijeleri mekdep okuwçylarynyň bilime ymtylýandyklaryny, mekdep alan bilimleriniň üstüni goşmaga maglumatlar bilen doldurýandyklaryny görkezdi.
1-nji, 2-nji we 3-nji orny eýelänler ders bäsleşikleriniň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply