DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Wilgelmştaýn — emeli ada

Elde döredilen ada Ştaýnhunder Mer adasynda (Germaniýa) XVIII asyrda peýda bolupdyr. Ony Gersog Wilgelm Şaumburg öz mülküni goramak üçin güýçli gorag  desgasyny gurmak üçin döredipddir. Bäş ýylyň dowamynda gaýykda bu ýere çäge, çagyl we daş daşapdyrlar. Gyşyna doňuň üsti bilen getiripdirler.

Gömülip döredilen adanyň ortasynda daşdan dört burçly ýyldyza meňzeş gala gurupdyrlar. Bu ýerde gulluk etmek esgerler üçin agyr synag bolupdyr. Köpler aýak agyrysyndan we sowuklamadan ejir çekipdirler. 1767-nji ýylda ofiser-kursantlar üçin harby mekdep açypdyrlar. Gersog aradan çykandan soň bolsa ony hökümet türmesine öwrüpdirler.

Wilgelmştaýn — nemes maýdaçyllygynyň we nepisliginiň nusgasy. Ada her tarapy 100 metre barabar bolan dogry inedördül görnüşinde döredilipdir. Häzir daşyny agaçlar gurşap alan galadan başga-da, adada syýahatçylar üçin myhmanhana, kafe we sowgat satýan dükan bar. Ada gersogyň nesillerine degişli. Olar ony girdejili ýere öwrüpdirler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: