YKDYSADYÝET

Lebapda şaly oragy dowam edýär

Lebap welaýatynyň babadaýhanlary şu aýyň 7-sinde şaly oragyna guramaçylykly girişdiler. Eýýäm şaly ekilen meýdanlaryň 150 gektardan gowragynda bereketli hasylyň ilkinji tonnalary ýygnaldy.

Şu ýyl hem lebaply ekerançylar 10200 gektar meýdanda azyklyk ekinleriň esasylarynyň biri bolan şalynyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Olar şonça meýdandan 47400 tonna hasyl ýygnamagy maksat edinýärler. Şu ýyl sebitde şalynyň ýokary hasyl berijiligi bilen tapawutlanýan «Nukus-2» görnüşi ekildi.

Şu ýylyň şaly oragynda tehnikalaryň 166-sy ulanylýar. Olar «Сlass tuсano-430», «Сase» ýaly daşary ýurt kombaýnlarydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: