YKDYSADYÝET

Halaçdaky fabrik 15,4 million manatlyk nah ýüplük eksport etdi

Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji fabriginde şu ýylyň başyndan bäri 15 million 486 müň manatlyk önüm Russiýa, Özbegistan, Türkiýe ýaly ýurtlara eksporta ýollanyldy.

Şeýlke hem bu ýerde ýylyň başyndan bäri 3568 tonna golaý nah ýüplük öndürildi. Munuň özi pul hasabynda 48 million 352 müň manatlyk önümiň öndürilendigini aňladýar. Bu bolsa aýlyk meýilnamalaryň yzygiderli ýerine ýetirilip gelýändigini görkezýär. hem döwrebap kärhanalaryň arasynda aýratyn tapawutlanýar.

Kärhanada işçileriň 180-den gowragy zähmet çekýär. Olar ýokary hilli senagat önümlerini öndürmekde geçen ýyllarda baý tejribe topladylar. Önümçilikde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň üstüniň ýetirilip durulmagy işleri has ýeňilleşdirýär, önümleriň hilini ýokarlandyrýar. Kärhanada nah ýüplükleriň NM-34/1, NM-27/1, NM-20/1, NM-17/1, NM-14/1 ýaly uly islegden peýdalanýan görnüşleriniň bäşisi öndürilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: