YKDYSADYÝET

Türkmenabat şäherinde «KamAZ» maşynlaryna hyzmat ediş merkezi açyldy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «KamAZ» kysymly awtoulaglara tehniki hyzmat merkezi açyldy.

Ony «Awtotrans» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina ediler. Ol dolandyryş binasyny, ammary hem-de abatlaýyş işlerini geçirmek üçin bölümi öz içine alýar. Şeýle-de, bu ýerde awtoulaglary ýuwmaga niýetlenen ýer, bassyrmaly awtoduralga hem-de suw saklanýan uly göwrümli howuzlar bar.

«KamAZ FTC Corp. LLP» kompaniýasy türkmen awtoulag kärhanalarynyň öňden gelýän hyzmatdaşydyr. Häzirki wagtda Türkmenistanda bu ulaglaryň müňlerçesi dürli ugurlarda ulanylýar. Okuw we tehniki hyzmat merkeziniň işe girizilmegi olara wagtynda we ýokary hilli hyzmat etmäge, şonuň ýaly-da işgärleri okatmaga mümkinçilik berer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: