JEMGYÝET

KA-nyň işjeň agzalary Awazadaky okuw maslahatlaryna gatnaşýarlar

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde yzygiderli geçirilýän okuw-maslahatlarynyň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Olara Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýatymyzdaky wekilleri we işjeň agzalary hem gatnaşýarlar.

Şu aýyň başynda deňiz kenaryndaky syýahatçylyk merjeninde Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi tarapyndan okuw maslahaty geçirilip, oňa welaýatymyzda bu pudagyň wekilleriniň uly topary gatnaşdy. Olar okuw maslahatynyň dowamynda pudagyň edaralarynda kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk ýola goýmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

23 ― 28-nji oktýabr aralygynda bolsa kenarýaka syýahatçylyk merjeninde «Ylym, bilim ― ýurdumyzyň sarsmaz binýady, beýik ösüşlerimiziň egsilmez bady» atly okuw maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Adyndan hem belli bolşy ýaly, ony ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi gurar. Bu okuw maslahatyna Lebap welaýatynyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň birnäçesi gatnaşar.

«Daýanç» sagaldyş merkezindäki okuw maslahatlary pudaklar boýunça ýylyň ahyryna çenli dowam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: