YKDYSADYÝET

Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň täze önümhanasynyň dabaraly açylyşyna garaşylýar

Şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň «Güýçbirleşik» önümhanasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagyna garaşylýar.

Etrabyň Güýçbirleşik geňeşligine degişli bolan obalarda ýaşap, şahsy hojalyklarynda haly dokamak bilen meşgullanýan halyçy gelin-gyzlary bir ýere ýygnamak maksady bilen döredilen bu bölümde eýýäm şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri haly dokalýar. Halyçylaryň 143-siniň yhlasly zähmetiniň netijesinde buýurmalaryň esasynda guşly, teke, beşir, ýomut, ýylanly, derweze gölli nepis halylaryň uly we kiçi görnüşleriniň her aýda  70—100 inedördül metri dokalyp, buýrujylara ýetirilýär.

Türkmen gurluşykçylary tarapyndan gurulan bu sehde 10 sany haly dokalýan stanok bolup, önümçilik iki iş çalşygynda alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: