YKDYSADYÝET

Lebapda iki etrap galla borçnamasyny amal etdi

20-nji iýunda birbada alty etrap döwlete galla tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoş habar iberdiler, diýip «Türkmenistan.Altyn asyr» saýty habar berýär.
Olaryň hatarynda Köýtendag we Hojambaz etraplary hem bar. Has takygy, Köýtendag etrabynyň gallaçylary 17 müň 600 tonnadan gowrak, Hojambaz etrabynyň ekerançylary bolsa 21 müň 200 tonnadan gowrak bugdaý hasylyny öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.
Ýurdumyzyň gündogar sebitinde güýzlük bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Tutuş möwsümiň dowamynda bugdaý meýdanlaryna yhlasly ideg edildi. Ekin meýdanlaryna ýeterlik mukdarda mineral we organiki dökünler berildi. Ähli möhüm agrotehniki çäreler alym agronomlaryň maslahatlary esasynda ýerine ýetirildi.
Şeýle hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý, Gökdepe, Mary welaýatynyň Tagtabazar we Ýolöten etraplary borçnamalaryny berjaý etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: