MEDENIÝET

Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berildi

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Ruhyýet» köşgüniň öňünde Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.
Onda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.
Köşgüň öňündäki meýdançada ähli welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň sergisi guraldy. Onda şekillendiriş sungatynyň, amaly-haşam sungatynyň eserleri, muzeý gymmatlyklary, türkmen mili saz gurallary, kitaplar we beýleki neşir önümleri goýuldy.
Hepdelige gatnaşyjylar Türkmenistanyň dürli sebitleriniň wekilleriniň getiren gymmatlyklarynyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Olarda millilige mahsus bolan umumylyklar bilen bir hatarda, her welaýata degişlidigini tapawutlandyrýan özboluşlyklary hem bar.
Şonuň ýaly-da, bu ýerde medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylyk konserti guraldy. Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri hem-de welaýatyň birleşen folklor-tans toparlary bilelikde edebi-sazly kompozisiýa görkezdiler. Türkmenistanyň at gazanan artistleri Dursunjemal Gazakowa, Sabyr Sabyrow hem-de Daşoguz welaýatynyň birleşen tans topary «Görogly» şadessanyndan bir bölegi aýtdylar. Aýdymlar we tanslar ýerine ýetirildi. Açylyş dabarasy «Dehistan» folklor toparynyň hem-de bäş welaýatyň birleşen folklor-tans toparlarynyň bilelikde «Küşdepdi» tansyny ýerine ýetirmegi bilen jemlenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: