YKDYSADYÝET

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda geçen ýyl şowly jemlendi

Iri senagat kärhanasynda 2022-nji ýylda çig mallaryň 442,4 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlenildi we dürli nebit önümleriniň 412,2 müň tonnadan gowragy öndürildi. Olaryň 226,8 müň tonnadan gowragy benzin, 138,5 müň tonnadan gowragy dizel ýangyjy, 35,6 müň tonnadan gowragy agyr wakuum gazoýly, 30,2 müň tonna golaýy ýol bitumy we beýleki geçginli önümlerdir. Kärhananyň önümleri daşary ýurtlara hem eksport edilýär. Olaryň arasynda goňşy Özbegistan hem bar. Bu ýurda geçen ýylda benzin we ýol bitumy köp möçberlerde ugradyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: