YKDYSADYÝET

Türkmenabat tikin fabriginde eşikleriň modelleriniň 150-den gowragy tikilýär

Türkmenabat tikin fabriginde ýylyň başyndan  bäri 28 million 795 müň manatlykdan gowrak halkyň sarp edýän önümleri öndürildi. Bu meýilnamanyň 114 göterim berjaý edilendigi aňladýar.

Fabrikde dürli eşikleriň modelleriniň 150-den gowragy öndürilýär. Olaryň arasynda ulular we dürli ýaşly çagalar üçin geýimler, ýorganlaryň we ýassyklaryň daşlygy, okuwçy gyzlar üçin eşikler, okuwçylar üçin ýantorbalar we beýlekiler ilatyň arasynda uly islegden peýdalanýar. Şu günler täze okuw ýylynyň ýakynlaşmagy bilen bu ýerde mekdep okuwçylary üçin eşikleri tikmäge aýratyn üns berýärler.  Alyjylara gyzlaryň köýnekleri, penjekleri, zähmet sapagynda geýilýän eşikler hödürlenilýär. Lebap welaýatynyň alty ýerinde fabrigiň mekdep bazary açyldy. Olarda mekdep okuwçylary üçin niýetlenen harytlardan başga-da, çaga geýimleri hem bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: