MEDENIÝET

Lebap welaýatynyň wekilleri Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görýärler

Lebap welaýat medeniýet müdirliginde «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýen at bilen maslahat geçirildi.

Oňa döredijilik we sungat işgärleri, Türkmenabat şäheriniň we etraplaryň medeniýet bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Onda iýun aýynda Mary welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyk, onuň çäginde öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Suratkeşler, aýdymçylar we döredijilik toparlarynyň ýolbaşçylary öňde duran hepdelige görülýän taýýarlyk barada hasabat berdiler. Döreden eserleriniň mazmuny, guraljak çykyşlaryň programmasy bilen tanyşdyrdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: