Wagtlaýyn sergi açyldy

Jun 18, 2020

Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmen medeniýeti ösýär, özgerýär» atly wagtlaýyn sergi açyldy.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralan serginiň açylyş dabarasyna gelen myhmanlaryň öňünde bagşylar topary çykyş etdi. Bagşylar türkmen klassyk şahyry Magtymgulynyň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler. Bu ýerde goýlan gymmatlyklaryň arasynda türkmen medeniýetiniň taryhy we şu güni bilen baglanyşykly eksponatlar aýratyn orun tutýar. Olar türkmen milli medeniýeti, onuň dürli wagtlarda adamlaryň durmuşynda tutan orny, häzirki döwürde öwrenilişi we ösdürilişi barada giňişleýin maglumatlary özlerinde jemleýärler.

Sergide Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwrüni suratlandyrýan eksponatlar, şol wagtyň ýazuw esbaplary, şahyryň eserleri, welaýatyň nakgaşlarynyň çeken suratlary, Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň şahyryň keşbini janlandyran artistleriniň suratlary hem goýlupdyr.

01
04
07
06
03
05
08
02

Previous
Next

Поделиться ссылкой: