MEDENIÝET

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde wagtlaýyn sergi açyldy

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde açylan wagtlaýyn sergi Türkmenabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly bagyşlandy. Ol «Halkymyzyň senetçilik we amaly-haşam sungatynyň waspy dünýä dolýar» diýlip atlandyryldy.

Onuň açylyşynyň öň ýanynda geçirilen maslahatda welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary Türkmenistanyň halk bagşysy Gurbandurdy Öwezow bilen Mährem Jumaýewiň bagşyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi barada gürrüň berdiler.

Sergide milli senetçilige we amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklaryň 100-den gowragy bar. Gymmatlyklaryň aglaba bölegi Jeýhunyň goşa kenarynyň ýaşaýjylaryna degişli.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: