MEDENIÝET

Welaýat muzeýinde Magtymguly Pyraga bagyşlanan maslahat geçirildi

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde guran maslahatymyz Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. «Magtymguly Pyragy — ähli döwürleriň we göwünleriň şahyry» diýen at bilen geçirilen bu maslahata muzeý işgärleri, arkalaşygymyzyň agzalary, Türkmenabat şäherindäki tehniki hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Maslahatda edilen çykyşlarda sarpasy belent şahyryň türkmen halkynyň özbaşdak, berkarar döwleti gurmak, abadan durmuşda ýaşamak baradaky arzuwlarynyň wysalyny Milli Liderimiziň berkarar eden täze özgertmeler zamanamyzyň mysalynda görmek bolýandygy uly buýsanç bilen nygtaldy. Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini çuňňur öwrenmekde, dürdäne setirleriniň ähmiýetini ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmekde döwlet we halkara derejesinde alnyp barylýan işleriň ähmiýeti dogrusynda hem gürrüň edildi. Şeýle hem beýik akyldaryň watançylyga, agzybirlige, döwletlilige, ruhy-ahlaklylyga ýugrulan şygyrlary okaldy. Soňra maslahata gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň ýubileýine bagyşlanyp döredilen «Setiri — zer-ýalkym, pähimi — umman» atly burçy we sergini synladylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: