JEMGYÝET

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň döredilenine 40 ýyl doldy

 Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň döredileniniň 40 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Oňa goraghananyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we tebigaty söýüjiler gatnaşdylar.

Ol 1982-nji ýylda döredilipdi. Onuň maksady, gysgaça aýdanymyzda, Amyderýanyň orta akymynyň hem-de oňa ýakyn ýerleşýän çöl bölümleriniň ekologik ulgamlarynyň ähli düzümlerini goramakdan, öňki derejesine getirmekden, sebitiň tebigatyny goramakda ylmy esaslary işläp düzmekden ybaratdyr. Ol Lebap welaýatynyň demirgazyk-gündogar böleginde Darganata, Dänew we Farap etraplarynyň çäklerindäki umumy meýdany meýdany 48,3 müň gektara barabar bolan ýer böleklerini içine alýar. Goraghananyň düzümine Kelif çäkli goraghanasy hem girýär. Ol Halaç we Kerki etraplarynyň çäklerinde ýerleşýär we 103 müň gektar meýdany tutýar. Kelif döwlet tebigy çäkli goraghanasy Türkmenistanyň has günorta etraplaryndaky suw-batgalyklarda gyşlaýan guşlary hem-de Kelif kölleriniň tebigy toplumlaryny gorap saklamak maksady bilen döredildi.

Goraghananyň işgärleri öňlerinde goýlan wezipeleriň hötdesinden abraý bilen gelýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: