YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň telekeçileri etiň öndürilişini artdyrdylar

Lebap welaýatynyň maldarçylyk bilen meşgullanýan telekeçileri ýylyň başyndan bäri 105 tonna ýakyn et öndürdiler. Bu geçen ýylyň alty aýy bilen deňeşdirilende, söwda nokatlaryna 21,6 tonna önümiň köp iberilendigini aňladýar.

Welaýatda 64 telekeçi et öndürmek mal semretmek bilen meşgullanýarlar. Gazanylan ösüşe aýry-aýry goşantlary has uludyr. Mysal üçin, hojambazly telekeçi Agaly Hudaýberdiýew  ýylyň başyndan bäri 13 tonnadan geçirip et öndürdi. Çärjew etrabynda mal semretmek bilen meşgullanýan Taji Täjiýew bolsa 12 tonna ýakyn önüm öndürdi. Farap etrabyndan Alymbaý Kerimow söwda nokatlaryna 8,4 tonna et ugratdy. «Bereketli jaý» hususy kärhanasynda bolsa bu görkeziji 7 tonna barabar boldy. Saýat etrabynda işini alyp barýan telekeçi Jorakuly Hemraýewiň önüminiň möçberi 6,5 ýetdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: