YKDYSADYÝET

«Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň işgärleri gallanyň hilini gowy bolmagy ugrunda alada edýärler  

«Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň işgärleri galla kabul ediş nokatlaryna getirilýän bugdaýyň hapalyk, çyglylyk ýagdaýyny dessine kesgitlemek bilen, önümiň öz wagtynda arassalanmagy we guradylmagy üçin alada edýärler.

Şeýle hil seljermeleri kämil enjamlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Olaryň biri-de Kerki etrabynyň galla kabul ediş nokadyndaky synag barlaghanasynda oturdylan, gallanyň çyglylyk derejesini barlaýan «PM-600» kysymly enjam gysga wagtyň dowamynda degişli anyk maglumaty çykaryp berýär. Russiýada öndürilen «KS» kysymly eleýji enjam arkaly bugdaýyň harpygyny we haşal otlaryň däneleri aýrylýar. Diňe şondan soň arassa bugdaýy Ýaponiýa döwletinde öndürilen «B-HA-600» kysymly terezide ölçäp, onuň agramy kesgitlenilýär.

Bu işleriň ählisi kärendeçiniň gatnaşmagynda geçirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: