MEDENIÝET

Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde wagtlaýyn sergi işläp başlady

 Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Goşa baýramyň belent ruhy dünýä ýaýylýar» atly wagtlaýyn sergi işläp başlady.

Lebap welaýatynyň polisiýa müdirligi, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Dänew etrap birleşmesi we muzeý bilen bilelikde guralan sergi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlandy. Onuň açylyş dabarasyna guramaçylaryň wekilleri, Türkmenabat şäher kazyýetiniň, Lebap welaýatynyň adalat bölüminiň işgärleri we Türkmenabadyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Sergide Türkmenistanyň Baş Kanuny, geçen gysga döwrüň içinde oňa girizilen goşmaçalar we üýtgetmeler, onuň döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirilişi baradaky maglumatlar goýlupdyr. Döwlet Baýdagy, onuň taryhy baradaky maglumatlar hem sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: