BIZE YAZYARLAR

Dostluk hakynda

Kim bilen dostlaşmakçy bolsaň, ilki ony ýagşy tana, çünki häsiýet juda ýokuşagan zatdyr. Ýagşydan ýagşy häsiýetler, ýamandan ýaramaz häsiýetler ýokuşar.

Ynsan akylyny özüne dost tutunmasa, ýolundan azaşar we il içinde abraýdan jyda düşer.

Özüňden pynhan saklaýan säwlikleriňi dostuňdan gizlemegin. Goý, ol seniň durmuşda goýberen säwlikleriňden aýlanyp geçsin.

Edenini bilmez bilen dost bolmakdan ägä bol. Saňa nep getirjek diýip diňe zyýan getirer.

Hemaýatkär dosta mätäçlik çekme — munuň özi akar suwa mätäçlik çeken ýalydyr. Şer işde saklanmaýan we ýalan sözlän dostuň bar bolsa, ondan daşlaş. Beýle dostdan mert duşman ýagşydyr.

Ynsanyň ýürekden salam bermegi, toý-märekede ýer bermegi we iň gowy sözler bilen ýüzlenmegi onuň saňa dostdugyny subut edýär.

Ynsanlaryň iň ejizi dost tutunmagy başarmaýanydyr. Dostlaryň iň ejizi dostlarynyň goldawyny ýitiren kişidir.

Gysganç bilen dost bolmakdan saklan. Oňa mätäç bolan wagtyň seniň kömegiňe ylgamaz. Erbet kişi bilen hem dost bolmakdan saklan, ol seni kyn günüňde goldamaz. Ýalançy bilen hem dost bolma. Sebäbi ol salgyma meňzär, daşdakyny ýakyn görkezer, ýakyndakyny daş görkezer.
 
Tawus Halnazarowa,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: