MEDENIÝET

Daşoguzly artistler Lebap döredijilik saparynda welaýatynda boldular

Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artistleri Lebap welaýatynda döredijilik saparynda boldular.

Daşoguzly artistler Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda tomaşaçylara gülküli sahna oýunlaryny görkezdiler. Şonuň ýaly-da, aýdym-saz programmasy bilen çykyş etdiler. Saparyň dowamynda lebaply we daşoguzly döredijilik işgärleri özara tejribe alyşdylar.

Şu günler Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artistleri Aşgabat şäherinde döredijilik saparynda bolýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: