YKDYSADYÝET

«Mizemez gadam» hususy kärhanasynda önümçilik degini ýokarlanýar

«Mizemez gadam» hususy kärhanasynda ýylyň başyndan bäri 800 müň inedördül metr izogamm öndürildi. Bu geçen ýylyň dört aýdakysyndan iki essä ýakyn kändir. Has takygy, şonda 431,5 müň inedördül metrden gowragy öndürilipdi.

Kärhanada gurluşykda giňden ulanylýan beýleki materiallar hem çykarylýar. Bu ýerde suwuk bitum mastikasynyň 3700 tonnasy öndürildi we ulanyjylara ugradyldy. Bu geçen ýylkysynda 1504 ýakyn kändir. Bulardan başga-da, keramiki plitalary ýelmemekde peýdalanylýan gury garyndynyň 320 tonnasy taýýarlanyldy. Öndürilen kerpijiň mukdary bolsa  2 million 323 müňe ýetdi.

Kärhananyň önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: