Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgäri Tawus Gurbanowa «Köňle şypa, göwünlere ganatdyr, beýik Arkadagly Diýarym meniň» atly bäsleşigiň ýeňijisi boldy.
Bu bäsleşik welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirildi. Oňa gündogar sebitiň çägindäki muzeýleriň ýaş hünärmenleri gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylar berlen şertlere laýyklykda öz hünärlerini wasp edip, gündelik alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler. Soňra bäsdeşleriň hersi hödürlenilen eksponatlardan peýdalanyp, aýry-aýrylykda döwrebap sergini guradylar. Magtymguly Pyragynyň kitaplaryndan ýerine ýetirilen çeper okaýyşlar, monologlardyr rowaýatlar bäsleşigiň jemleýji şerti hökmünde kesgitlenildi.
Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň ylmy işgäri Dursunjemal Seýidowa we welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gözegçisi Şemşat Hudaýberdiýewa degişlilikde ikinji we üçünji baýrakly orunlary gazandylar.
Ýeňijileri geňeşimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladyk.