YKDYSADYÝET

Türkmen himiýaçylary önüm öndürmegiň möçberini artdyrýarlar

Balkan welaýatyndaky Gyýanly polimer zawodynda üstümizdäki ýylyň geçen döwründe polietileniň we  polipropileniň öndürilişi artyp, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda ösüş depgini, degişlilikde, 108 göterime we 103,2 göterime çenli ýokarlandyryldy. Ýagny, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň bu gaz-himiýa toplumynda polietileniň 56 müň 985 tonnasy, polipropileniň bolsa 12 müň 250 tonnasy taýýarlanyldy. Taýýar önümler bolsa içerki hem-de daşarky bazarlara yzygiderli ugradyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: