Her gektardan 14 tonna ýeralma alyndy

Bu görkeziji Kaka etrabynyň «Arzuwlara ýeten daýhan» daýhan hojalygyna degişlidir. Bu arzyly önümiň şeýle bol hasyly daýhan hojalygyna etrabyň çäginden bölnüp berlen ýeriň belli bir bölegine ekilen ýazlyk ýeralmanyň «Gala», «Sanata» görnüşlerinden ýygylýar. Şeýle hem jemi 2103 gektar ýer bölnüp berlen bu daýhan hojalygyň ekin meýdanynyň 600 gektarynda bugdaýyň «Bagrat», «Kalim» görnüşleri ýetişdirilip, tabşyryk 195 göterim ýerine ýetirildi. Şu günler hojalygyň gowaça ösdürilip ýetişdirilýän 350 gektar meýdanynda ekiniň idegi ýetirilýär. Ekerançylyk meýdanynyň 10 gektaryny bakja ekinleri eýeleýär. Şol sanda pomidor 5 gektaryny tutýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector