YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň ulag ulgamynda ýokary ösüş depgini saklanylýar

Geçen bäş aýyň dowamynda Türkmenistanyň ulag we kommunikasiýa toplumynda ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça gazanylan ösüş 112,1 göterime deň boldy.

Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamak baradaky meýilnama 111,3 göterim, ýük dolanyşygy boýunça meýilnama bolsa 109,1 göterim ýerine ýetirildi.

Ýanwar-maý aýlarynda hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda ösüş «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 115,2 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 134,1 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 101,8 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 106 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 108 göterime deň boldy.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňeldilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: