YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň gallaçylary döwlete galla tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler

Lebap welaýatynyň gallaçylary döwlete däne tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu barada welaýat häkimi Lebap welaýatyna iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi, diýip «Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi» ýazýar.
Ýurtda ilkinji bolup, şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetiren lebaply gallaçylaryň Watan harmanyna 310 müň tonnadan gowrak ak bugdaý tabşyrandyklaryny belläp, döwlet Baştutany bu üstünligiň gallaçy daýhanlaryň, kombaýnçylaryň, däne daşaýan awtoulag sürüjileriniň, welaýatyň ähli oba hojalyk işgärleriniň yhlasly zähmetiniň netijesidigini aýratyn nygtady.
Hormatly Prezidentimiz daýhanlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda gazanan zähmet ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: