YKDYSADYÝET

Ýylyň başyndan bäri Lebap welaýatynda 8 hususy kärhana önümlerini daşary ýurtlara eksport etdi

Şu ýylyň başyndan bäri Lebap welaýatynda işini alyp barýan hususy kärhanalaryň 8-si öz önümlerini daşary ýurtlara iberdiler. Olaryň iberen harytlarynyň umumy bahasy ABŞ-niň 1 million 190 müň dollaryna ýakynlady.

Geçen ýylda boly ýaly, öz önümlerini «Mizemez gadam», «Türkmen ojagy», «Altyn bürgüt», «Milli önüm» hususy kärhanalary, «Nur plastik», «Täsin hasyl», «Kiçi gala» hojalyk jemgyýetleri bar. Bu gezek olaryň hataryna «Akylly zürýat» hojalyk jemgyýeti hem goşuldy. Harytlar Özbegistana, Türkiýä, Gyrgyzystana, Russiýa, Azerbaýjana we Gazagystana ugradyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: